Soñky wagtlar günimiñ ýarsyny we uklamazdan 2 sagat öñ kellämiñ içi göreş bilen geçýa, käte näme bilen göreşýänimem bilemok çynymy aýtsam, öñler töweregime ýagty paýlaýadym indi garañkyma düşmesinler diýip köp ýakynlarym bilen görüşmänede gorkýan, belki de mendäki ukyp köp kişide ýok ýöne meniñ kime we nämä garaşýanymam bilemok, sungatdan azrak ýadadym, oñaramok diýsem ýalançy bolarn ýöne birzatlara ýalñyş edýän. Töwerek bilen baglanasym gelýä ýöne öz dünýämi suratlandyrjak bolup başgalaryñka girip gidýän, pulmy esasy ýa-da başga zatlar? çaltyrak öýlenmek üçin öýlenmelimi ýa hudaýyñ başga taýynlap goýan zatlary bardyr belki?…Citi uýtgeşik diýip ego’my kän naharladyñyz indi öz özimden basylýan, men ýaly 1000000 bu dünýäde şeýle alamyzda, men iñ bolmanda “ulalañda kim boljak?” diýen soragada jogap berip bilemokdym hiç haçan, şu wagt belkide döwür şeýle belkide döwür bahana, bu haty ejizlik ýa gynanyñ diýip däl, bu duýgulary uly, kiçi, gyz, oglan ahli adam geçirip bilýa ýakynlarymyñ, dostlarymyñ içinde, diñleýjilerimiñ içinde özini şeýle duýgulara gulplap ýeke duýmasyn özini diýip ýazdym, iñ uly begenýan zadym maşgalamyñ, ýakynlarymyñ jany sag we hudaýa müñ şükür şu günki alýan howama, birek biregi soýüñ, gorañ , 2 günlik zatlara öziñizi aldamañ, dünýäde göze görünmeýän has uly zatlar bar, her kim özini tapmasyny arzuw edýän.